Sement zawodyndaky önümçilik geçen ýyldakydan 71 göterim artdy
«Lebap» sement zawodynda bitirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu kärhanada geçen aýda ýokary hilli sementiň 111,6 müň tonnasy öndürildi we geçen ýylyň ýanwar aýyna görä 71,6 göterim artyş depgini gazanyldy.
Şeýle düýpli ilerlemeler kärhananyň kuwwatlyklaryndan has netijeli peýdalanylmagy, işleriň sazlaşykly guralmagy arkaly üpjün edilýär. Ýokary hilli sementiň öndürilişiniň düýpli artdyrylmagy bolsa gurluşyk meýdançalaryny bu önüm bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär.