YKDYSADYÝET

Sement zawodyndaky önümçilik 1 million tonna golaýlady

Eýýäm awgut aýyna çenli «Lebap» sement zawodynda öndürilen sementiň mukdary 1 million tonna golaýlady. Has takygy, bu ýerde şu ýylyň ýanwar ― awgust aýlarynda 984,7 müň tonna ýokary hilli sement öndürildi.
Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 33,5 göterim kändir. Geçen ýyl bu kuwwatly kärhanada sekiz aýda öndürilen önüm 737,4 müň tonna barabardy.
Häzirki wagtda bu kärhananyň ýyllyk kuwwaty 2 million tonna önümi öndürmäge mümkinçilik berýär. Geçen ýylyň mart aýynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda zawodyň ikinji tapgyrynyň işine badalga berlipdi.