BIZE YAZYARLAR

Sebitleýin syýasatda Lebap welaýatynyň paýy

Ýurdumyzda alnyp barylýan sebitleýin syýasatyň esasy maksady ähli
welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Welaýatymyzda pudaklaryň ykdysady taýdan ösdürilmegi üçin, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklarynyň kämilleşdirilmegi üçin döwlet maksatnamalary esasynda birnäçe işler alnyp barylýar.
-Sebit Amyderýanyň çep we sag kenarynda ýerleşmek bilen tutýan meýdany boýunça Lebap welaýaty ýurdumyzyň umumy meýdanynyň 19,1% tutýar, ýa-da üçünji orny eýeleýär.
-Lebap welaýatynyň çäginde ýurdumyzyň ilatynyň 20,4% ýaşamak bilen iň bir köpmilletli sebit hasaplanýandyr.
-Lebap welaýaty senagat-agrar häsiýete eýe sebit hasaplanýar. Ýurdumyzda senagaty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde welaýatyň çäginde hem birnäçe zawod-fabrikler ulanylmaga berildi.
-Lebap welaýatynda ýurdumyzda öndürilýän ähli tebigy gazyň 39%, gurluşyk kerpijiniň 40%, pagta süýüminiň 25% öndürilýär.
-Sebit pagta we bugdaýy öndürmek boýunça ikinji ýerde durýar.
-Welaýatyň çägindäki bölek satuw söwda we hyzmatlar kärhanalary, esasan hususy eýeçilikde jemlenen bolup döwlete dahylsyz bölegiň paýy 90% deňdir.

ASTANOWA Selbi,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat ortab hünär
okuw mekdebiniň talyby