BIZE YAZYARLAR

Sebitara hyzmatdaşlykda ekologiýanyň orny

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ekologiýa durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, aýratyn hem, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere uly ähmiýet berýär hem-de olary çözmek bilen baglanyşykly giň möçberli işleri amala aşyrýar.
Bilişimiz ýaly, atmosferanyň ýokarky gatlagynda Günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsiri netijesinde kislorod ozona öwrülýär. Ozon ýer atmosferasynyň örän az bölegini tutýan hem bolsa, onuň ähmiýeti bimöçberdir. Ozon gatlagynyň bolmagy adamlaryň saglygyna we ähli janly bedenleriň ýaşaýşyna howp salýan şöhleleri siňdirmäge ýardam edýär. Ozon özboluşly süzgüç bolup, ol Günüň ultramelewşe we elektromagnit şöhlelerini saklaýar. Şeýle hem ozon hapalaýjy jisimleri Ýer atmosferasyndan çykarmaga kömek edýär. Häzirki wagtda ozon gatlagynyň galyňlygyna adamlaryň hojalyk işi oňaýsyz täsir edýär. Atmosfera taşlanýan zyýanly maddalar, has takygy, freonlaryň, aerozollaryň, azotyň oksidleriniň we beýlekileriň täsiri netijesinde gatlagyň gorag hereketi ýaramazlaşýar.
Geçirilen ylmy-derňew işler netijesinde giňden ulanylýan birnäçe himiki maddalaryň ozon gatlagy üçin çendenaşa howpludygy ýüze çykaryldy. Ozon gatlagynyň kemelýändiginiň ylmy taýdan tassyklanmagy halkara bileleşiklere ozon gatlagyny goramak maksady bilen anyk çäreleri kabul etmegiň ugurlaryny kesgitlemek üçin hyzmatdaşlygyň möhümdigini subut etdi.
Türkmenistanda atmosfera howasyny arassa saklamak boýunça uly işler edilýär. Ýurdumyzda her bir gurulýan senagat, ulag, oba hojalyk we beýleki desgalar tebigy gurşawy, şol sanda atmosfera howasyny hapalamazlyk üçin zerur bolan häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Öňden işläp gelýän kärhanalaryň durky täzelenende, olaryň ekologiýa babatynda dünýä ülňülerine laýyk gelmegi gazanylýar. Bellibir derejede atmosferany hapalaýan kärhanalar uly ilatly ýerlerden göçürilýär.
Raýatlaryň we geljekki nesilleriň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, howanyň duýulýan we garaşylýan üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça çäreleriň biri bolan Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy kabul edildi. Milli tokaý maksatnamasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň düzüm bölegidir. Milli strategiýada bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde tokaý hojalygy azyk önümleriniň, saglygy goraýyş we boýag önümçiligi, bezeg ösümlikleri, ösümlikleriň dürli görnüşleriniň tohumlary üçin çig malyň çeşmesi hökmünde özboluşly
gymmatlyga eýedir, şeýle hem tokaýlar uglerody-zyňyndy gazlary esasy özüne siňdiriji serişdeler bolup durýarlar. «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna» laýyklykda Daşoguz welaýatynda çölleşmäniň garşysyna göreşmek üçin tokaý zolagy döredilýär. Sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Sarygamyş kölüniň gündogarynda, Bötendag belentliginiň töwereginde 20 müň gektar ýerde tokaý zolagy döredilýär. Ol ýerde tapgyrlaýyn döredilýän çerkez, gandym, ojar, sazak ýaly çöl ösümlikleriniň we saýaly agaçlaryň tokaý zolagy sebiti Aral tarapyndan gelýän duzly tozanlardan gorap saklamaga hem-de howanyň arassalanmagyna ýardam berer. Ekologik howpsuzlygy üpjün edýän
innowasion tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda atmosfera howasynyň tämizligini gorap saklamaga we howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Howanyň üýtgemeginiň we adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen ýurtda ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin iş ýüzünde geçirilýän çärelere mysal edip, köp sanly kärhanalaryň himiýa, sement, asfalt, pagta arassalaýjy zawodlaryň durkunyň täzelenendigini we şäheriň daşyna göçürilendigini, şäheriň ýyladyş edaralarynyň ekologiýa taýdan arassa, gaz ýangyjyny ulanmaga geçirilendigini, täze, ekologiýa taýdan arassa häzirki zaman tärlerini ulanýan senagat desgalarynyň gurlandygyny, ýurduň ilatly ýerleriniň bagy-bossanlyga öwrülendigini, olaryň daşynda «Gök guşagyň»
döredilendigini görkezmek bolar.

Bägül MUHAMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň mugallymy.