Asudalygyň abadançylyga, bagtyýar durmuşyň bilelikdäki hereketleriň sazlaşygyna esaslanýandygy hemmä mälim. Munuň şeýledigini 2015-nji ýyldan bäri her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän biraýlyk hem görkezýär.
Jemgyýetçilik gatnaşygynyň, eziz Diýaryň döwrebap özgerişiniň ilerlemegine täsir edýän biraýlygyň dowamynda il-ulsumyzyň ýol hereketiniň düzgünleri hem-de ekologiýa abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly bilimleriniň üstüni ýetirmegi maksat edinip, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň hünärmenleri halk arasynda, edara-kärhanalarda wagyz-nesihat çärelerini we çagalar baglarydyr orta mekdeplerde ýörite okuw sapaklaryny
geçirýärler. Olarda düzgünleriň, hereketleriň dogry we dürs berjaý edilmegi ündelýär, wideoýazgylar görkezilýär. Şeýle-de ýollardaky ugrukdyryjy, duýduryjy, görkeziji belgiler bilen bagly sowal-jogap alşylýar.
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň hünärmenleriniň geçirýän şeýle çärelerinde Watanymyzyň ýollarynyň gözelleşip, döwrebaplaşýandygy nygtalyp, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, sanly ýolyşyklar, sürüjilere ýokary tizligiň howpludygyny ýatladyjy ýazgylar, ýörite degişli gulluk ulaglaryna, pyýadalara, saglyk ýagdaýy çäkli adamlara niýetlenen zolaklar, ýolýakalaryny jähekläp, ýylyň ähli wagtynda al-ýaşyl öwüsýän agaçdyr güller we olaryň
özboluşly aýratynlyklary mysal getirilýär. Sanly ulgamyň durmuşymyza giňden ornaşýan döwründe ýolagçy awtobuslaryň ugurlaryny we olaryň gatnawyny görkezýän «Duralga» programmasynyň, ulaglaryň tizligini ölçeýän enjamlaryň hem-de sanly tölegdir amallaryň bolmagynyň hem okgunly ösüşimiziň aýdyň görkezijilerindendigi aýdylýar. Mahlasy, ýollaryň asudalygy, illeriň bagtyýarlygy üçin edilýän ähli hereketler her bir ynsanyň saglygyny we rahatlygyny kepillendirýär.
Dilber GURBANOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

