Plektrli dutar saz guraly Türkmenistan döwletimizde saz gurallarymyzyň arasynda uly orun eýeleýar. Ýekelikde ýerine ýetirmek, orkestr we ansambl toparlarynda özünüň mylaýym heňi bilen plektrli dutar saz guraly öz ornuny tapdy. Öňe barýan nusgawy saz medeniýetini uly ile ýerine ýetirmek ýerine ýetirijiligiň düýbi çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerinden başlanýar, soňra ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde dowam edilýär. Plektrli dutar türkmen milli saz gurallarymyzyň has kämilleşdirip
döredilen görnüşleriniň biri bolup, ol orkestrlarda şeýle hem ýekelikde fortepiano goşulyşyp, sazlary çalmak üçin hem niýetlenendir. Plektrli dutar saz guraly 1929-njy ýylda Türkmenistanda ilkinji gezek çeperçilik tehnikumunyň açylmagy, onuň sazçylyk bölüminde milli saz gurallarynyň köpçülik, ýagny orkestr bolup çalmak üçin kämilleşdirmek bilen baglylykda emele gelen saz gurallaryň biridir. 30-njy ýyllarda saz gurallary kämilleşdirmekde Bäşim Nuralyýew, Setrak Tumanýan dagynyň uly tagalla
edendigini bellemek gerek. Bäşim Nuraly şol döwürlerde ,,Üç tar” ady bilen üç kirişli kiriş kakar (mediator) bilen çalynýan täze saz guraly ýasapdyr. Ol saz guralda uçilişaniň, soňra filarmoniýanyň halk saz gurallary orkestrinda çalynypdyr. 70-nji ýyllarda Daşkendiň M.Aşrafi adyndaky döwlet konserwatoriýasyny tamamlap, şu ugurdan ilkinji boluňp ýokary bilim alan Çary Babaýew bu saz guralyň ykbalyna uly öwürlişik girizdi. Ol ilki bilen okuw jaýlarynda plektrli dutaryň dowam edip gelýän do-
sol-do (re) düzginini lýa-mi-lýa (si) düzgünine geçmekligi ýola goýdy. Çary Babaýewiň özi Türkmen döwlet sazçylyk uçilişesinde plektrli dutardan sapak bermek bilen ol bu saz gural üçin hakyky eserleri döretmek, halk sazlaryny gaýtadan işlemek bilen ilkinji repertuary emele getirmekde hem uly tagalla etdi. 1986-njy ýylda bolsa Çary Babaýew ,,Plektrli dutary çalmagy öwrenmegiň mekdebini” atly kitaby ýazdy we ol çap edilip okuw jaýlaryna ýaýradyldy. Plektrli dutaryň täze nusgalarynyň ýasalyp ýaýradylmagy
we ony çalmaklygyň öwreniş kitabynyň dünýä inmegi bu saz guralyň okuw jaýlarynda, şeýle hem höwesjeňlik sungatynda giňden ýaýbaňlanmagyna itergi berdi.
Ud saz guraly türkmen topragynda gadym döwürlerde giňden ulanylypdyr. Bu ajaýyp saz gural nusgawy edebiýatymyza hem siňip, onda yzygiderli ýatlanýar. Muhammet Al Farabynyň “Saz ylmy” atly kitabynyň “Saz gurallar barada söhbet” atly bölüminde ud saz guraly barada maglumatlar we onda ýerine ýetiriliş usullar dogrusynda aýratyn duryp geçilýär. Bu bolsa, ud saz guraly çalmagyň ilkinji okuw kitabynyň Muhammet Al Faraba degişlidigini subut edýär. Ud saz guraly halklar arasyndaky medeni gatnaşyklar
arkaly Ýewropa halklaryna aralaşyp, olaryň medeniýetinde, sungatynda aýratyn orun alypdyr. Muňa XIII asyra, Niderland suratkeşlik mekdebine degişli bolan, Ýan Wermeýeriň “Sazanda gyzlar” atly çeken suratynda Ýewropaly gyzlaryň ud we naý saz gurallaryny çalyp oturan şekillerinden hem göz ýetirip bilýäris. Ud saz guraly kirişli we kiriş kakaryň (mediator) kömegi bilen kakylyp çalynýan saz guraly bolup, ol Gündogar, Merkezi Aziýa, Kawkaz halklarynda giňden ýaýran saz gurallaryň biridir. Bu saz gural
kädi, sap, sapbaşy, gulak, kiriş, eşek, kiçi eşek, ses deşigi ýaly böleklerden ybaratdyr.
Ud saz guraly gadymdan gelýän usul bilen ýörite ussahanalarda ýasalýar we galyň ýumşak daşgabynda saklanylýar. Ud saz guralynyň her bir kirşini kakyp ses almak üçin ýörite maşklar berilýär. Kakyp ses alynanda saz owazynyň doly, çuň manyly çykmagyny gazanmak hökmanydyr. Ud saz guralynyň kirişleri biri-birine arassa kwarta ses aralygyna düzülýär. Her bir kirişde üç sany atlary dürli notalar ýerleşýär.
Baglama saz guraly. Medeniýetimiziň gülleýan ýurdymyzyň ähli medeni ojaklarynda ähli saz gurallar boýunça kämil bilim berilýär. Şol saz gurallaryň biri göwünlere baglanan baglamadyr. Baglama saz guralynyň nagmalary dutardyr gyjagyň, trubanyň, uduň owazyna-da goşulyp çalnypdyr. Oadan sese eýe bolan baglama dutara meňzeş saz guralydyr. Onuň gulaklary, sapy, kirişleri, perdeleri, gapagy, kädisi, eşegi bar. Oňa üç kirişli saz guraly diýilse-de, baglamanyň ýedi sany kirişi bar. Kirişleriniň birinjisi ü
sany, ikinjisi iki, üçünjisi hem goşa kirişdir. Kirişleriň ählisi bir owaz çykarýar, ýagny bir sese düzülýär. Baglamanyň iki görnüşi bar. Olaryň biri on dokuz perdeli beýlekisi ýigrimi dört perdelidir. Saz guralyň owazy näzik, ýakymly, mylaýym bolansoň oňa “Ýumşak” saz guraly hem diýilýär. Ol kiriş kakaryň (mediator) kömegi bilen çalynýar.
Biz bagtyýar döwrüň sungat işgärleri hormatly Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň medeniýet we sungat barada edýän tükeniksiz aladasyna jogap edip, geljekde türkmen milli saz sungatymyzy ösdürip, dünýä derejesine götermäge borçludyrys.
Şaripbaý HUDAÝKULIÝEW,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.