Şeýle sazlar bar, olar ynsanyň inçe duýgularyny yzarlap, ýüregine baryp ýetýär, kalbyny heýjana salýar. Ol sazlar halkyň kalbynda, ýüreginde, durmuşynda baky ýaşaýar. Saz äleminiň ägirdi, meşhur kompozitor Nury Halmämmedow hem halkyň ýüregine baryp ýetýän ajaýyp sazlary döreden ussat. Kompozitoryň «Keçpelek», «Aýgytly ädim», «Magtymguly», «Mukamyň syry», «Şükür bagşy», «Kärizgenler», «Japbaklar» filmlerindäki sazlaryny diňläp ganma ýok. Türkmeniň gazma dutarynyň owazyna ol sazlar has-da ýakymly çykýar.
Kalby aýdym-saza teşne, şahandaz halkymyz dürli saz gurallaryny döredip, nesillerimize baý medeni mirasy galdyrypdyrlar. Olardan dutar naýbaşy saz gurallarymyzyň biridir. Türkmen dutarynyň beýleki saz gurallarynyňka meňzemeýän özboluşly şirin hem inçe owazy bar. Ol jadyly hem janly senet hökmünde asyrlarboýy halkymyzyň durmuşyny bezäp gelýär. Geçmiş taryhymyzda Şükür bagşy elindäki gazma dutary bilen doganyny bendilikden halas etse, il arasynda dutaryň owazynyň hassa jana şypadygy barada aýdylýar. Lukmançylyk ylmynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Ibn Sinanyň sazy bejerişiň «dermansyz» usuly hasap edendigi bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmagyň we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi bolsa gaýtalanmajak milli senedimize dünýäde uly sarpa goýulýandygynyň güwäsi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda:
Anyk göz ýetirdim şu hakykata,
Ony hemmelere aýdýaryn, ine:
Beýikligi hakda söz açylanda,
Dutar janly diýilýändir Türkmene
—diýip, türkmen dutarynyň waspyny belentden ýetirýär.
Halkymyzyň durmuşyny aýdym-sazsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Aýdym — adamlaryň göwün syrdaşy, saz — ruhy çeşme. Aýdym-saz sungaty — dünýä halklaryny birleşdirýän dostluk köprüsi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa…» atly kitabynda belleýşi ýaly, sungat — bu adamzat üçin hökmany zerurlyk bolup durýar. Sözüň gutaran ýerinde saz peýda bolýar. Bu gymmatly hazynadyr.
Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatynyň ösmegine, baýlaşmagyna we dünýä ýaýylmagyna giň ýol açýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Jeren AKMYRADOWA,
Garabekewül etrap Çagalar sungat mekdebiniň dutar bölüminiň mugallymy.

