JEMGYÝET

«Saz nazaryýetiniň esaslary» diýen kitap çapdan çykdy

Türkmenistanyň sazçylyk okuw mekdepleri üçin niýetlenen «Saz nazaryýetiniň esaslary» diýen täze kitap neşir edildi. Onuň awtory — Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor, nazaryýetçi alym we pedagog Suhan Tüýliýew.

Onuň bu işi köp ýyllyk pedagogika tejribesiniň netijesidir. Suhan Tüýliew türkmen sazy hakynda onlarça makalalary ýazdy, ol «Türkmen sazynyň nazaryýeti» atly monografiýanyň hem awtory. Meşhur kompozitor köp ýyllaryň dowamynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk uçilişesiniň taryhy-nazaryýet bölüminde işledi. Häzir Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa kafedrasyna döredijilik we pedagogika işini dowam etdirýär.

Kitap ýeňil we düşnükli dilde ýazylan. Ol Türkmenistanda sazandalaryň ýaş neslini terbiýelemäge we taýýarlamaga gowy goşant bolar.

Bu barada «orient.tm» ýazýar.