BIZE YAZYARLAR

Saz mirasymyzyň beýik mekdebi

Ýakynda paýtagtymyzdaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda türkmen opera sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, görnükli kompozitor Weli Muhadowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi milli medeniýetimize, saz sungatymyzyň şöhratly taryhyna goýulýan belent sarpanyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Bu maslahat diňe bir medeni çäre bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaş nesliň milli saz sungatymyzyň baý mirasyna söýgüsini artdyrýan, döredijilik ýoluna ruhy badalga berýän ähmiýetli waka hökmünde aýratyn ýatda galdy.
Garabekewül etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymy hökmünde şeýle çäreleriň ähmiýetini örän ýokary bahalandyrýaryn. Sebäbi Weli Muhadow ýaly beýik kompozitorlaryň döredijilik ýoly ýaş sazandalara, bagşyçylyk sungatyny öwrenýän okuwçylara, geljekki sungat işgärlerine nusgalyk mekdepdir. Onuň eserlerinde türkmen halkynyň ruhy dünýäsi, watançylyk duýgusy, milli äheňleriň çuňňur gözelligi, halk döredijiliginiň baý däpleri kämil saz dili arkaly beýan edilýär. Şonuň üçin hem beýik halypanyň ömri we döredijiligi baradaky her bir gürrüň ýaş nesli terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Maslahatda medeniýet we sungat işgärleriniň, konserwatoriýanyň mugallymlarynyň, talyplaryň çykyşlarynda Weli Muhadowyň türkmen saz sungatyndaky beýik orny giňden açylyp görkezildi. Aýratyn-da, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň kompozitoryň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň saz sungatyna uly goşant goşan dünýä derejeli şahsyýetdigini nygtamagy buýsançly ýagdaýdyr. Bu sözler Weli Muhadowyň döredijilik mirasynyň halkymyzyň milli gymmatlygy bolmak bilen birlikde, doganlyk halklaryň medeni ýakynlygyny berkitýän ruhy köpri bolup durýandygyny görkezýär.
Weli Muhadowyň «Zöhre-Tahyr», «Ganly saka» ýaly operalarynda halkymyzyň taryhy, gahrymançylykly geçmişi, ynsanperwerlik we watançylyk duýgulary çeper saz öwüşginlerinde janlanýar. Kompozitoryň milli äheňleri simfoniki mukamlar bilen sazlaşdyrmakdaky ussatlygy türkmen opera sungatynyň milli mekdebiniň kemala gelmegine uly goşant boldy. Şeýle eserleri ýaşlara düşündirmek, olaryň many-mazmunyny okuwçylaryň aňyna ýetirmek biziň ýaly sungat mugallymlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.
Maslahatda Weli Muhadowyň talyplyk ýyllarynda gazanan ajaýyp üstünlikleri barada aýdylan maglumatlar hem ýaşlar üçin uly göreldedir. Onuň Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň dördünji ýyl talyby wagtynda «Türkmen sýuitasyny» döredip, SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolmagy, bäşinji ýyl talyp wagtynda bolsa «Meniň Watanym» atly simfoniki poemasy üçin ýene-de ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanylmagy döredijilikde yhlasly zähmetiň, zehiniň we watana bolan söýginiň nähili belent netijelere ýetirýändigini aýdyň görkezýär.
Şeýle ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi ýaş sazşynaslaryň, kompozitorlaryň, bagşyçylyk sungatyny öwrenýän okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, olaryň milli sungatymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Biz, sungat mekdepleriniň mugallymlary, bu çärelerden ruhlanyp, okuwçylarymyza diňe bir saz öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, olara milli mirasymyzyň gadyr-gymmatyny düşündirmegi hem esasy borjumyz hasaplaýarys.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, beýik şahsyýetlerimiziň mirasyny çuňňur öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçilikler türkmen sungatynyň geljekki nesilleriniň has-da kämil, döredijilikli we watansöýüji bolup ýetişmegine berk binýatdyr. Şeýle beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Mähri ATAÝEWA,
Garabekewül etrap Çagalar sungat mekdebiniň
bagşy bölüminiň mugallymy.