BIZE YAZYARLAR

Saz durmuşynyň üstünligi

-Türkmen  mydam  saza  gadyr  goýupdyr,

Barlyk  içre  çyn  halypa uýupdyr,

Ol  ne  bagdyr, ajap  çemen  bogupdyr,

Ruhy  baýlyk, nedir  datly  miwesi.

  Türkmen  medeniýetiniň  we  sungatynyň  gülläp  ösýän  döwründe,  saz  sungatyna  aýratyn  üns  berilýär. Hormatly  Prezidentimiziň  tagallasy  bilen  ýurdumyzda  hereket  edýän  sungat  ojaklarynyň  sany  gün – günden  köpelýär . Çagalar  sazçylyk  we  sungat  mekdepleriniň  mugallymlary  we  ýaş zehinli  okuwçylary  döredilýän  giň  mümkinçiliklerden  peýdalanyp,  milli  saz  sungatymyzy  dünýä  ýaýmakda  janyny  gaýgyrman  işleýärler. Şeýle  mugallymlaryň  hatarynda  hem  ýaşlygyna  seretmezden  saza  bolan  söýgüden  kalby  püre – pür  zehinli ynsan  we  mugallym  Ilgar  Atahanowdyr.  Ol  Lebap  welaýatynyň  Çärjew  etrabynyň  çagalar  sungat  mekdebinde  zähmet  çekip,  özüniň  zähmetsöýerligi  we  kärine  wepalylygy  bilen  eýýäm  ýurdumyzda  diňe  hor  dirižýorlarynyň  arasynda däl , eýsem  ähli  nusgawy  saz  söýüjileriň  we  mugallymlaryň  arasynda  uly  hormatdan  peýdalanýar  diýsek  ýalňyşmarys. Mugallym  öz  işinde  halypalary  bolan   Lebap welaýat  ýörite  sungat  mekdebiniň  baýry  mugallymlary  Muhtar  Musaýew, Türkmenistanyň  sungatda  at  gazanan  işgäri  Döwlet  Sahatow, Türkmenistanyň  Halk  artisti  Bäşim Berdiýew,   Maýa  Kulyýewa  adyndaky  Türkmen Milli  Konserwatoriýasynyň  mugallymy  Gülbahar  Muhammedowa  dagylardan  alan  tälimlerini,  maslahatlaryny  jemläp,  täzeçe  usullary utgaşdyryp  we  repertuar  bilen  baýlaşdyryp  öňe  saýlanmagyň  hötdesinden  geldi.  Ýurdumyzda  çagalar  sungat  we  sazçylyk  mekdepleriniň   hor  toparlarynyň  arasynda  ýylyň – ýylyna  däp  bolup  gelýän  döredijilik  bäsleşiginiň  şy  ýylky  tapgyry  hem  çekeleşikli  geçse – de, Ilgar  mugallym  öz  topary  bilen  çykyşynyň  ilkinji  notalaryndan  diňleýjileriň  ählisini  özüne   maýyl edip,  ýeňiji  boljakdygyna  hiç  hili  şübhe  goýmady.  Topar   Lebap  welaýat  medeniýet  müdirliginiň  düzen  maksatnamasyna  laýyklykda  üç  sany  eseri ýerine  ýetirdiler. Olar  ilki kompozitor  R.Allaýarowyň   G. Ezizowyň   sözüne döreden  “Kebelek”  atly  çylşyrymly  we  köpsesli   a’kapellasyny ,  soňra  J.Reýimowanyň  D.Annamyradowyň  sözlerine  döreden  “Şöhrat  saňa, Türkmenistan!”  atly  dabaraly  aýdymyny  zehinli   mugallym  Rejepgül  Rozyýewanyň  ezberlik  bilen  sazandarlyk  etmeginde  şeýle – de  A.Menkeniň  H.Eşmanyň  sözlerine  döreden   Disneý  multfilminiň  “Under  the  sea”(Deňiz  astynda)  atly  şadyýan  aýdymyny  tans  hereketleri  bilen  üstünlikli  ýerine  ýetirip,  ähli  dabara  gelen  diňleýjileriň  dowamly  el  çarpyşmalaryna    eýe  boldular. Şeýlelik  bilen  baş  baýrak  üçin  synanyşmaga  gelen  welaýatyň  çägindäki  10  sany   çagalar  sazçylyk  we  sungat  mekdepleriniň    arasynda    öňe  saýlanyp,  adalatly  emin  agzalar  tarapyndan  köp  sanly  hoş  sözlere  mynasyp  bolan,  Çärjew  etrabynyň  çagalar  sungat  mekdebiniň  hor  topary,  mugallym  Ilgar  Atahanowyň   ýolbaşçylyk  etmeginde    Baş  baýraga  mynasyp  boldy.  Şeýle  üstünlikleriň  höwrüniň  köp  bolmagyny  mugallyma  we  onuň  agzybir, zehinli  okuwçylaryna  arzuwlaýarys.

Lebap  welaýatynyň  Çärjew  etrabynyň çagalar  sungat  mekdebiniň  bölüminiň

mugallymy  Gözel Jumaniýazowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: