BIZE YAZYARLAR

Saz baradaky  rowaýat

Saz ynsanyň gadymy döwürlerden bäri hemrasydyr. Sazyň ynsan saglygyna bejeriji täsirini ir döwürlerde anyklapdyrlar. Eflatun saz barada: “Saz ähli ajaýyplaryň, belent duýgularyň, gudratly güýçleriň owaza öwrülen görnüşidir” diýýär. Gadymy grek akyldary Pifagor sazyň notalardan durýandygy, sazyň görnüşleri baradaky düşünjäni ilki bolup girizipdir. Onuň geçiren tejribelerinden soň saz esasy kanunlary  garmoniki deňölçeglilige esaslanýan takyk ylym hökmünde ykrar edilipdir.

Zehinli bagşy-sazandalaryň yhlasy bilen elden ele geçip gelen gadymy saz eserlerimiziň haçan, nähili şertlerde, kimler tarapyndan döredilendiginiň anyk delilleri atlary sazandalar hakdaky takyk maglumatlar bize gelip ýetmändir. Netijede saz sungaty hakdaky rowaýatlar ençeme sowallara ilkinji jogap çeşmelere hökminde hyzmat edip gelipdir. Olarda  ata-babalarymyzyň sada oý-pikirleri, wagtyň müňderlen belent minaralarynyň astynda nähili syrlaryn ýatandygyna akyl ýetijek boluşlary örän aýdyň duýulýar. Rowaýatlaryň geçmişden natural şekilleri janlandyrýanlygy halkymyzyň nähili hupbatly jebir-sutemden doly ajy günleri başdan geçirip gelişini tipiki ýagdaýlarda togundyryjy beýan edýändikleri rowaýatlaryň esasy ähmiýetli tarapy bolsa gerek.

 Saz sungaty hakdaky rowaýat – legendalaryň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýdylanda, ilki bilen olaryň täsin özüne çekijiligi hakda ýatlasyň gelýär.

Biziň eramyzdan ozalky 356-332-nji ýyllarda Aleksandr Makedonskiniň Orta Aziýa ýörişleri we onuň Orta Aziýa halklaryny özüne tabyn etmegi netijesinde grekleriň gündogar  medeniýetine ýiti täsir etmesi başlanýar. Bu döwür taryhda elinizm ady bilen bellidir. At-owazy dünýäni tutan Aleksandr Makedonskini biziň gadymy ata-babalarymyz hem Isgender Zülkarnaýyň ady bilen tanan, dürli rowaýatlar arkaly biziň günlerimize ýetipdirler. Ol rowaýatlaryň içinde saz sungatyna, belli saz eserlerine, käbir saz gurallarynyň gelip çykyşyna degişlileri-de bar. Mysal üçin, ýene bir gezek “Nar agajy” halk sazyna ýüzleneliñ. Dünýä halklarynyň arasynda şeýle giň meşhurlyga eýe bolan bu saz eseriniň (” Nar agajy”) döreýiş taryhy nähili? Özbek halkynyň arasynda ýaşap gelýän bir rowaýatda bu barada şeýle diýýär:  Isgender patyşa (Aleksandr Makedonskiý ) gaty bir sazhon adam bolan. Ol özüniň ýörişlerini dabaraly saz bilen bezemek üçin saz baryny diňläp çykanmyşyn. Ahyr bir welaýatda onuň gulagyna üýtgeşik saz ilenmişin. Ana, şol saza-da ol ebedilik aşyk bolanmyş.  Şondan soňra ol özüniň ähli ýörişlerini şol sazyň dabarasy astynda geçirip, bu üýtgeşik sazyň täsin heňini ähli ýurtlara meşhur edenmişin. Bu sazyň özbeklerdäki ” Isgender han marşy” ady hem şondan gelip çykanmyşyn…

  Halkyň çeper diline siňen şular ýaly rowaýatlary diňlemek hemişe-de gyzykly. Olar halk döredijiliginiň görnükli pudaklaryndan biri bolup durýar. Bu hakda A.M.Gorkiniň ” Halk döredijiligini bilmän, zähmetkeş halkyň taryhyny bilmek bolmaz…” diýip belläpdir. Diýmek rowaýatlar diňe terbiýeçilik işinde däl, eýsem köp halatlarda häzirki zaman ylmyna hyzmat edip gelýändikleri bilen  ähmiýetlidir.

 Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk  şäherçesiniň çagalar sungat  mekdebiniň

  mugallymy Babagulyýýew Baýram

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: