BIZE YAZYARLAR

Saz ― zehiniň melhemi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimize, sungata we bilime berilýän uly üns çagalar sungat mekdepleriniň işinde hem aýdyň duýulýar. Bu mekdeplerde döredilen döwrebap şertler ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Sazyň nazaryýeti bölümi sungat mekdebiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup, ol okuwçylaryň saz hakyndaky düşünjelerini ulgamlaýyn ösdürmäge hyzmat edýär. Sapaklaryň dowamynda saz sesleriniň gurluşy, ritm we ölçeg, äheň, saz dili ýaly esasy nazary düşünjeler düşündirilip, okuwçylarda saz eserlerine düşünip diňlemek, olaryň mazmunyny duýmak endikleri kemala getirilýär. Bu bolsa çagalaryň diňe bir saz taýdan däl, eýsem akyl-paýhas, üns we pikirleniş taýdan hem ösüşine ýardam edýär.
Şeýle-de sazyň nazaryýeti sapaklarynda milli saz mirasymyza aýratyn orun berilýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän saz däplerine, bagşyçylyk sungatyna, nusgawy eserlerimize ýüzlenmek arkaly okuwçylarda milli buýsanç, watançylyk duýgulary terbiýelenýär. Saz arkaly berilýän terbiýe çagalaryň içki dünýäsini arassalaýar, olary gözellige, sazlaşyga we ruhy päklige ymtylýan şahsyýetler edip ýetişdirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýeti, sungaty we bilimi ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasaty netijesinde çagalar sungat mekdeplerinde alnyp barylýan işler has-da kämilleşýär. Biz, mugallymlar, ýaş nesli saz sungatynyň inçe syrlaryna ugrukdyrmagy, olary terbiýeli, bilimli, döredijilikli adamlar edip ýetişdirmegi özümiziň mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Munuň özi ata Watanymyzyň geljeginiň ruhy taýdan baý, kämil nesiller bilen baglanyşyklydygynyň aýdyň güwäsidir.

Zamira HUDAÝBERDIÝEWA,
Kerki etrap çagalar sungat mekdebiniň saz nazaryýeti bölüminiň mugallymy.