“Saýrak owazly bilbiller”
Ýurdymyzda ýaş nesilleriň, zehinli çagalaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmek, täze zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýokary derejä eýe bolýar.
Ýürekleri buýsançdan doly, zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-sazly, döredijilik bäsleşikleriniň biri hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigidir. Kalby ylhamly, saýrak dilli çagalaryň sungat äleminde zehinlerini ýüze çykarmakda, kämilleşmeklerinde bäsleşigiň uly ähmiýeti bardyr. Bäsleşige ýurdymyzyň dürli künjeginden zehinli çagalar, mekdep okuwçylary, çeper höwesjeňler gatnaşýarlar. Bäsleşik umumy bilim berýän edaralaryň arasynda, soň etrap, şäher, welaýat saýlama tapgyrlarynda geçirilip, döwlet derejesindäki jemleýji tapyrynda iň zehinliler kesgitlenip, ýeňijiler yglan edilýär. Zehinli çagalaryň baýramçylygyna öwrülen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça geçirilen tapgyry uly şatlyk-şowhuna beslendi. Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik bäsleşiginde zehinli ýaşlar, çagalar döredijilik toparlary eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ýurdymyzyň beýik ösüşlerini, gözel tebigatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, özleriniň çaga kalplaryndaky arzuw-isleglerini joşgunly aýdymdyr sazlaryň, ajaýyp tanslaryň, edebi sazly kompozisiýalaryň üsti bilen wasp etdiler. Baýramçylyk öwüşgüni bilen bezelen sahnada bagtyýar çagalaryň “Bu gün”, “Ýaşlar Watan daýanjy”, “Biz bagtyýar nesiller”, “Garaşsyz Türkmenistan”, “Ýaşlyk joşguny”, “Biz bagtyýar nesiller”, “Gül ýaly”, “Toý bolsun”, “Arzuwlar hem hyýallar” aýdymlary ýerine ýetirenlerinde hem muňa aýdyň göz ýetirip bolýar.
“Şaý-seplerim” atly aýdymy ýerine ýetiren gyzjagazyň mill şaý-seplerimizi wasp etmegi, “Ülkämiň toý saçagynda” atly aýdymda türkmen saçagynyň naz-nygmatlarynyň suratlandyrylmagy, “Bagy bossan Watanym” aýdymda Janly tebigatymyzyň beýan edilmegi has-da täsirli boldy. “Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” aýdymy we bagşylar toparynyň ýerine ýetiren “Pyragy” atly aýdymy bolsa Beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň gutlagy bolup ýaňlandy.
Zehinli çagalaryň her bir çykyşy özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, çagalary sahnada özlerini alyp baryşlary, tans hereketleri, milli egin-eşikleri, sahna bezegi bilen has-da sazlaşykly. Konsertiň soňunda bäsleşige gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetrilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdymda, çykyş edýän çagalaryň ýürek owazlaryndan, joşgunlaryndan eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan soňsuz söýgini, buýsanjy aýdyň duýmak bolýar. Bagtyýar ýurdymyzda, aýdym-saz sungatymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eziz çagalaryň owazlary hemişe belentden ýaňlansyn!
Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň
mugallymy Elmuradowa Dinara.