DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Saýlawlara pandemiýa täsir edermi?

Amerikanyň Birleşen Ştatlary öňde duran Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri görkezmek çärelerine taýýarlyk görýär. Ýöne taýýarlyk işleriň ýurduň partiýalarynda dürli-dürlidir.

Mysal üçin Demokratik partiýasy dalaşgär görkeziş çäresini awgust aýyna meýilleşdirýär. Partiýa bu çäräni wirtual görnüşde geçirmegi iň dogry ýol hökmünde saýlady. Çünki saglygy goraýyş işgärleri bilen edilen maslahatdan soňra COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen ştatlaryň wekiliýetleriniň Miluoka gelmezligi hakynda çözgüt kabul edildi. Olar dalaşgär görkezmäge we ses bermäge onlaýn görnüşde gatnaşarlar.

Häzirki Prezident Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky partiýa bolsa saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreleri Floridada ähli deputatlaryň gatnaşmagynda geçirmekçi. Ýöne dabarada saglyk bilen bagly ähli talaplaryň berk berjaý edilişine gözegçilik güýçli bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: