SYÝASAT

Saýlaw ― 2023: şu gün ― ümsümlik güni

Şu gün ― 25-nji martda Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawynyň öňüsyrasyndaky ümsümlik güni yglan edildi. Saýlawlar ertir ― 26-njy martda geçiriler.

Ümsümlik gününiň öz bellenen talaplary bar. Şol gün ol ýa-da beýleki syýasy güýji goldamaga üçin wagyz işlerini alyp barmaga rugsat berilmeýär. Ýöne wagyz häsiýetli çap edilen materiallar, şol sanda saýlaw toparlarynyň daşynda ozal ýerleşdirlen listowkalar, plakatlar ses berme güni ozalky ýerlerinde saklanyp galýar.

Türkmenistanyň Mejlisine saýlawlarda ýurduň raýatlary 125 deputaty saýlamaly. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, ýurtda Demokratik partiýasyna, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna we Türkmenistanyň Agrar partiýasyna wekilçilik edýän, şeýle hem öz dalaşgärlerini hödürläp biljek raýat toparlaryndan 258 dalaşgär hasaba alyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: