Saýatly zergär zenan öz hünärini şägirtlerine hem geçirýär
Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Öräýewa ýaşlara surat, çyzuw, zähmet derslerinden sapak bermegiň ýany bilen, mekdepde hünär sapaklary boýunça-da göwnejaý işleri alyp barýar. Suratkeşlik we keşdeçilik ugurlary boýunça geçilýän hünär sapaklarynda Ogulnur milli el işleriniň, haly dokamagyň, nakgaşçylyk sungatynyň syrlaryny ýaşlara öwredýär. Onuň suw kädilerini, aýna-daraklary, sandyklary, dürli sowgatlyklary milli ruhda bezemek boýunça alyp barýan işleri bolsa ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny açmaga ýardam edýär.
Ogulnur öz ussahanasynda gelin-gyzlarymyz üçin milli şaý-sepleri ýasamak bilen yzygiderli meşgullanýar. Özüniň synçy nazaryny, döredijilik tilsimlerini sungatyň şeýle inçe ýollarynda ulanyp, indi köp ýyldan bäri gelin-gyzlarymyzyň görküne görk goşmagy başarýar. Şeýle-de ol öz işleri bilen döwlet derejesinde geçirilýän sergilere, döredijilik bäsleşiklerine hem yzygiderli gatnaşýar.
Ol geçen ýyllarda «El hünäri il gezer», «Kesbi-käri nesillere görelde», «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi. Ogulnuruň işleri «Zer gadyryn zergär biler» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda iň ýokary baha mynasyp boldy. Geçen ýylda halk çeperçilik sungatynyň däplerini ösdürmekde, ýaş nesillerde milli mirasymyza söýgi döretmekde bitiren işleri üçin Ogulnur Öräýewa «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada mynasyp bolmak bagty hem miýesser etdi.