JEMGYÝET

Saýatly zenan çärýek asyrdan gowrak wagt bäri bagbançylyk bilen meşgullanýar

Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň bagbany Mähriban Döwletowa 26 ýyldan bäri bagbançylyk bilen meşgullanýar. Ol bu hünäri gaýyn atasy, tejribeli agronom Jumakuly Döwletowadan öwrenipdir. Mähriban bilen ýanýoldaşy Rüstem birnäçe ýyllaryň dowamynda 2 gektar bagdan bol hasyl alyp gelýärler. Olaryň ogly Suhrap bilen gyzy Aziza hem bag ideginde kömek
berýärler.
Mähriban Döwletowanyň nahalhanasynda şetdaly, armyt, alma, ülje, hoz, garaly, behi we erik ýaly agaçlaryň müňlerçe nahaly bar. Bu nahallar elýeter nyrhlarda satylyp, täze bag döretmek isleýänlere ýetirilýär. Ol 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Ussat bagban» bäsleşiginde welaýat hem-de döwlet tapgyrlarynda ýeňiji boldy.