Saýatly pensioner döwlet sylagyna mynasyp boldy
Saýat etrabynyň Esgi geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Jumagul Hallyýewa döwlet sylagyna mynasyp boldy. Ol öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:
— Şeýle belent döwlet sylagyna mynasyp bolanlaryň hatarynda özümiň hem bardygyma diýseň buýsanýaryn. Biz etrabymyzyň «Çapak» folklor toparynyň agzalary bilen akyldar şahyrymyzyň dürdäne eserleri esasynda folklor çykyşlarynyň birnäçesini taýýarladyk. Bu eserlerde halkymyzyň şöhratly geçmişi, dünýä nusgalyk däp-dessurlary, il agzybirligi öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoly bu günki nesiller üçin durmuş mekdebidir. Biz ýaşlar bilen geçirýän duşuşyklarymyzda şuňa ünsi çekýäris. Pederlerimiz geçmişde maddy we medeni gymmatlyklary döredip, adamzat siwilizasiýasynyň ösmegine önjeýli goşant goşdy. Berkarar döwletiň ýaşlary ata-baba şöhratly ýolumyzy dowam etdirijiler bolmalydyrlar.
Türkmenistan döwletimizi ösüş-özgertmeler ýoly bilen rowaçly geljege alyp barýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan döwletli tutumlary rowaç alsyn!