SPORT WE SYÝAHAT

Saýatly pälwanlar Lebap welaýatynyň çempiony boldular

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdepde türkmen milli göreşi boýunça welaýatymyzyň ýygyndy toparlarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII sport ýaryşlarynyň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat etrabyndan üç, Kerki we Darganata etraplaryndan bolsa bir topar gatnaşdy.

Çekeleşikli geçen ýaryşa türgenleriň 36-sy gatnaşyp, degişli agram derejeleri boýunça güýç synanyşdylar. Toparlaýyn netijeler boýunça Saýat etrabynyň birinji topary ähli bäsdeşlerinden rüstem geldi. Ikinji orny türkmenabatly pälwanlar eýelän ýaryşda öňdäki üçlügi Saýat etrabynyň ikinji topary jemledi.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: