Saýatly mugallymyň döreden woleýbol topary ýurt boýunça üçünji orna mynasyp boldy
Saýat etrabynyň Suwçy obasyndaky 13-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlaryndan düzülen woleýbol topary «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen at bilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilen XIII spartakiadada üçünji orna mynasyp boldy.
Bu topary şu obada önüp-ösen, diňe bir etrapda ýa-da welaýatymyzda däl, tutuş ýurdumyzda ezber woleýbolçy hökmünde tanalýan Eset Annakylyçow döretdi. Ol kärdeşi Remezan Öwezow bilen obada sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde agzybirlikli zähmet çekýär.
Ezber gyzlar özleriniň başarnyklaryny dürli derejeli bäsleşiklerde doly subut etmegi başarýarlar. Mekdebiň gyzlar topary etrap derejesinde geçirilýän ýaryşlardan hemişe ýeňişli dolanýarlar. Bu üstünliklerde Selbi Narlyýewa, Akmaýa Merdanowa, Maýagözel Öwezowa, Aýjeren Akyýewa, Mähriban Metdiýewa, Sona Gahrymanowa ýaly türgenleriň saldamly paýlary bar.