Saýatly mugallym 130 düýp limon ýetişdirýär
Saýat etrabynyň Ýeňiş geňeşliginiň ýaşaýjysy Baýramdurdy Akmämmedow limon agaçlaryny ösdürmekde tejribeli bagbanlaryň biri. Baýramdurdy aga etrapdaky 30-njy orta mekdepde 40 ýyldan bäri zähmet mugallymy bolup işleýär. Mekdebiň daş-töwereginiň bagy-bossanlyga öwrülmeginde hem tejribeli mugallymyň uly goşandy bar.
Häzirki wagtda hasyla duran limon agaçlarynyň 130 düýbi bar. Ikinji ýyladyşhanasynda limon agajynyň nahallarynyň 54 düýbi, şeýle-de dürli reňkli owadan bägülleriň onlarça görnüşi ösýär.
— 2011-nji ýylda synag hökmünde limonyň 5 düýbüni oturdyp, idegini ýetirip başladym.
Onuň ösüş aýratynlyklaryny içgin öwrendim. Aradan bir ýyl geçip-geçmänkä sitruslara bolan gyzyklanmam has-da artdy. Limonlary köpçülikleýin ösdürip başladym. Bäş ýyldan soň gowy hasyl alyp ugradym. Her düýbünden, ortaça, 300-den gowrak hasyl alan wagtym boldy — diýip, ol welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.