BILIM

Saýatly mekdep okuwçysy “Akylly öý” taslamasyny hödürleýär

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň binýadynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda Saýat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jemşit Seýtiýew “Web saýt we «Bluetooth» arkaly enjamlary dolandyrmak” atly taslamasy bilen çykyş etdi. Ýüzlerçe okuwçynyň gatnaşan bäsleşiginde dürli ugurlar boýunça taýýarlanan taslamalaryň 50-den gowragy iň gowy işler diýlip ykrar edildi hem-de olaryň awtorlaryna döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi.
Jemşit Seýtiýew ylmy ýolbaşçysy Ogulhaýyt Halnazarowanyň ýolbaşçylygynda taýýarlan işinde öý şertlerinde tehniki enjamlary uzak aralykdan sanly ulgam arkaly dolandyrmagyň mümkinçiliklerini işläp düzdi. Taslamanyň maksady “akylly öý” maksatnamalaryna şahsy goşant goşmakdan ybarat bolup, onda web saýt we “Bluetooth” ulgamy arkaly enjamlary dolandyrmak usullary görkezilýär. Okuwçy taýýarlan işine ýokary baha berlendigini hem-de ony has-da kämilleşdirip, döwlet tapgyryna hödürlemegi meýilleşdirýändigini aýtdy.