MEDENIÝET

Saýatly medeniýet işgäri ýörite baýraga mynasyp boldy

Saýat etrabynyň medeniýet bölüminiň baş hünärmeni Gülnara Karimowa medeniýet ulgamynda kyrk ýyldan gowrak wagtdan bäri işläp gelýär.
Ol Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebini üstünlikli tamamlap, etrabyň Gyzylgaýa
oba medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy bolup işe başlaýar. Şol ýyllarda-da «Çapak» folklor
toparynyň işjeň agzalarynyň biri bolup, sungat äleminde ussatlyk ýoluna düşýär. Ol toparda
Saparaý Jümmiýewa, Jumagül Hallyýewa, Akjagül Haýtyýewa, Dursun Rozyýewa ýaly halypalar bilen çykyş edýär. Gülnara gelneje «Çapak» folklor toparynyň düzüminde Rumyniýa, Bolgariýa, Russiýa, Özbegistan ýaly döwletlerde konsert bilen çykyş edip, Diplomlar, Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Baýry medeniýet işgäri «Çapak» folklor topary bilen döwlet derejesinde geçirilýän toý-baýramlara, dabaraly açylyşlara, halkara bäsleşiklere, sergilere hem gatnaşyp, Şa serpaýlaryna mynasyp boldy. Ýaňy-ýakynda bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilen çärede ol ýörite baýrak bilen sylaglanyldy.