Türkmenabat şäherindäki medeniýet merkezinde welaýatyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gatnaşdylar.
Olaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz we bagtyýar çagalyk çeper wasp edildi. Şeýle-de bäsdeş gyzlar el işlerine ussatlyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň okuwçysy Ogulkeýik Amandurdyýewa birinji, Hojambaz etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Rozyýewa ikinji we Çärjew etrabyndaky 8-nji orta mekdepden Leýli Altyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Saýatly gyz Lebabyň eli iň hünärli okuwçy gyzy boldy
04
Nov
