JEMGYÝET

Saýatly daýhan limon ýetişdirmekde baý tejribe toplady

Saýat etrabynyň Çaltut şäherçesiniň ýaşaýjysy, tejribeli daýhan Öwlüýaguly Kuwwatow eýýäm 15 ýyldan bäri öz mellek ýerindäki ýyladyşhanasynda limon agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda onuň maşgala hojalygynda jemi üç sany ýyladyşhana bolup, olarda limonyň «Maýer» görnüşiniň 90-dan gowrak düýbi ideg edilýär. Agzybir maşgalanyň päk zähmeti netijesinde, her düýp agaçdan ortaça 400-450 sany miwe alynmagyna garaşylýar.
Öwlüýaguly aga pensiýa çykandan soň bu iş bilen ymykly meşgullanyp, subtropiki ekinleri ýetişdirmegiň inçeliklerini ýaş daýhanlara hem öwredýär. Ol ýanýoldaşy Mahym daýza we maşgala agzalary bilen bilelikde ekinlere mineral hem-de organiki dökünleri wagtynda berip, agrotehniki kadalary doly berjaý edýär.