JEMGYÝET

Saýatly daýhan her düýp limondan 400 miwä çenli hasyl alýar

Saýat etrabynyň Çaltut geňeşliginiň ýaşaýjysy Astanakuly Soltanyýazow hem hususy
mellegindäki ýyladyşhanasynda janypkeşlik bilen işläp, limon agajyny ösdürip
ýetişdirýär. Ol obasynda bu kesbiň ussady hökmünde tanalýar.
— Mundan bäş ýyl ozal hususy mellek ýerimde ýyladyşhana şertlerinde limon
agajynyň 87 düýbüni ekdim. Yhlas bilen idegini ýetirdim. Görşüňiz ýaly, nahallar
gowy boý alyp, birkemsiz hasyl getirdi. Ýyl geçdigisaýyn hasyllylygy artýar eken. Şu
ýyl her düýbünden 400-den gowrak limon aljagyma gözüm ýetýär. Jemi 1,5
tonnadan gowrak bereketli hasyla garaşýaryn. Limonyň «Maýer» görnüşi ýerli
toprak-howa şertlerimize tiz uýgunlaşýar. Gyş aýlarynda ýyladyşhana şertlerinde
idegi ýetirilýär. Güýz paslynda howa salkynlap ugrandan ýyladyşhana polietilen
plýonkasy bilen örtülýär. Çünki limon ýylylygy, çyglylygy köp talap edýär. Ýylyň
dowamynda, ortaça, 16-17 gezek suw berýärin. Organiki dökün bilen bir hatarda
mineral dökünleri gowy görýär. Gowy hasyl almak üçin gapdal baldaklaryň
çybyklaryny gyrkyşdyrýaryn. 1-nji sentýabrdan 10-njy oktýabra çenli aralykda
şahalary gyrkylyp, timarlanylanda bol hasyl berýär. Ýaş nahallary oktýabr we mart
aýlarynda ekýäris — diýip, Astanakuly aga gürrüň berýär.
Tejribeli daýhana maşgalasy we agtyklary Ruslan, Rasul, Roman, Alişer dagy
ýakyndan kömek bermek bilen, sitrus agaçlaryny idetmegiň inçe syrlaryny
öwrenýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: