Saýatly daýhan 30 ýyl bäri bir topara ýolbaşçylyk edip gelýär
Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň 15-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Begmyrat Rozyýew 30 ýyldan bäri bu toparyň başyny çekip gelýär. 1987-nji ýylda gulluk borjuny ýerine ýetirip, obasyna gelenden, daýhançylyga baş goşan Begmyrat aga ýyllaryň dowamynda ene ýerden bol hasyl almakda toplan iş tejribesi göz öňünde tutulyp, 1994-nji ýylda daýhan birleşiň kärendeçiler toparyna ýolbaşçylyk etmegi ynandylar. Geçen ýyl toparda 313 gektaryň 80 gektaryna aralyk ekinlerden mäş, 50 gektaryna şaly ekildi. Galan 183 gektaryna bugdaý dänesi sepilip, 1 müň 150 tonna galla hasyly alyndy.
Munuň özi her gektardan şertnamalaýyn borçnamada bellenilen 30 sentner bugdaýa derek 36,5 sentnerden hasylyň tabşyrylandygyny aňladýar.
— Toparymyzda gallaçy kärendeçileriň 180-si zähmet çekýär. Ýylyň-ýylyna etrapda ilkinjileriň hatarynda ak ekinlerden bol hasyl alyp, Watanymyzyň altynsow çäjine saldamly goşant goşup gelýäris. Geçen oba hojalyk möwsüminde kärendeçilerimizden Meýlis Gurbanow 2,7 gektar ýerinden 63, Jemile Joraýewa 2 gektardan 57, Çary Hatamow 1,5 gektardan 57, Myrat Ýoldaşow 3 gektardan 56, Rähmet Orazow bolsa 4 gektardan 52 sentnerden hasyl ýygnap, galla tabşyrmakda şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda üstümizdäki ýylyň hasyly üçin ekilen ak ekinlerden alnan gowy gögeriş, olara edilýän göwnejaý ideg rysgal-
berekedimiziň bol boljakdygyna bolan ynamymyzy berkidýär. Biz halal zähmetiň rehnedini görüp ýaşamagymyz, işlemegimiz üçin döwlet tarapyndan berilýän goldaw, döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, ussat daýhan welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.