Saýat şäher medeniýet öýüniň müdiri Kerim Annakulyýew türkmen mukamlarynyň şirin owazyny birnäçe gezek daşary ýurtlarda hem ýaňlandyran ýaş bagşylaryň biri. Ýagny ol Eýranda, Ermenistanda we Özbegistanda geçirilen medeni çärelerde, halkara festiwallarda halkymyzyň medeniýetiniň bir bölegini
düzýän milli sazlar bilen çykyş etdi.
Bagşyçylyk hünärini ele alan Kerim Annakulyýew 2022-nji ýylda Saýat şäheriniň medeniýet öýünde akkomponiator wezipesinde zähmet ýoluna başlaýar. Sungat ojagynyň döredijilik giňişligi ýaş bagşyny has-da beýik maksatlara ruhlandyrýar. Ol ýurdumyzyň ýaşlarynda bagşyçylyk sungatyna söýgi döretmek,
olaryň kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilýän bäsleşiklere-de yzygiderli gatnaşyp başlaýar. Şeýlelikde, sungata bolan çäksiz söýgi, irginsiz gözlegler, işjanlylyk Kerimi 2023-nji ýylda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi, geçen ýyl bolsa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak
bagtyna eýe edýär.
Saýatly bagşy üç döwletde aýdymlary bilen çykyş etdi

22
May