Saýat etrabynyň «Çarbagdepe» geňeşliginiň Miweçilik obasynyň ýaşaýjysy Ikram Döwletowyň bag ekmek ýaly sogap işe baş goşanyna 32 ýyl boldy. Diňe bir obadaşlary däl, eýsem, welaýatymyzyň çar ýanyndan ýaş bagbanlar halypa hökmünde ýygy-ýygydan ýüz tutup, onuň bilen maslahatlaşmagy makul bilýärler.
Ata kesbinden kemal tapan bagbanyň jemi 5 gektara golaý bagy bolup, oňa doganlary Rüstem, Mansur, Babajan, Babakuly, Hemra, Jorakuly, Gülnar dagy ýakyndan kömek berýärler. Bu ýerde erigiň hem-de armydyň 3, şetdalynyň 4, almanyň 5, garalynyň we üljäniň bolsa 2 görnüşi ekilipdir. Jemi bu ýerde dürli görnüşli miweli daragtlaryň 2 müňden gowrak düýbi bar.
— Ine, häzirki wagtda bagymyzda erigiň aralyk görnüşleri köpçülikleýin hasyla durdy. Uly baglardan her düýbünden 350 — 500 kilograma çenli hasyla garaşýaryn. Alçadyr garalylar hem üstümizdäki ýylda bol hasyl getirdi. Miweleri ýygyp bökdençsiz ak bazarlarymyza ugradýarys — diýip, bagban welaýat
gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.
Saýatly bagban baglaryň her düýbünden ýarym tonna çenli hasyla garaşýar

20
Jun