Saýat etrap medeniýet bölüminiň Esgi geňeşligindäki Gyzylgaýa oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Resul Guwanjow «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ol bu ýeňiş mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Aýna Baýramgeldiýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangözel Gurbanmyradowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Alp-Arslan Ýusupow, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap geňeşiniň sürüjisi Ýunus Aşyrdurdyýew, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Yhlas Atekaýew we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Remezan Işankulyýew dagylar bäsleşigiň 2025- nji ýyldaky ýeňijileri bolmagy başardylar.
Saýatly aýdymçy «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
08
Sep

