Saýatdaky täze mekdepde döwrebap mümkinçilikler hyzmat edýär
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda açylyp, ulanylmaga berlen Saýat etrabynyň 19-njy
orta mekdebinde döwrüň sazlaşygy öz beýanyny tapýar.
Onlarça synp otagynyň içinde ýöriteleşdirilen otaglaryň sany barmak büküp
sanardan kän. Biologiýa, himiýa we fizika otaglarynda dürli tejribeleri, gözegçilikleri geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler okuwçylaryň berlen maglumatlary has içgin özleşdirmeklerine täsir edýär. Aýdym otagy diňe bir bu derse ýöriteleşdirilen interaktiw tagta bilen däl, eýsem, klawişli, kakylyp we üflenip çalynýan saz gurallarynyň hem birnäçesi bilen üpjün edilipdir. Adaty çagalar sungat mekdebiniň bir synp otagynda aýdym-saz sungatyny söýýän çagalar üçin nähili mümkinçilik döredilen bolsa, edil şeýle mümkinçilikler bu bilim ojagyndaky aýdym otagynda hem bar. Şeýle döwrebap şertler informatika, lingafon we zähmet otaglarynda hem göze ilýär.