Saýatdaky täze mekdepde 30-dan gowrak mugallym zähmet çekýär
Saýat etrabynyň Alpan obasynda açylyp, ulanylmaga berlen täze orta mekdepde ilkinji okuw ýylynda 30-dan gowrak mugallym işleýär. Bu barada welaýat neşiri habar berdi.
Olaryň arasynda halypalar bilen birlikde şu ýyl ýokary okuw mekdebinden uçurym bolup, zähmet ýoluna täze mekdepde girişen ýaş hünärmenler hem bar. Hemmeleriň berýän gürrüňi bir: täze mekdepde işlemek — olar üçin ykbalyň iň uly serpaýlarynyň biri. Üstümizdäki ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden uçurym bolup, geçen güýzde ilkinji gezek sapaga giren biologiýa mugallymy Jeren Ýalkabowa bolsa çagalyk arzuwynyň hasyl bolandygyny aýdýar.
— Köneje mekdebimiz hemişe gözümize ýakymly. Onuň ýaşy käbirimiziň ata-
enelerimiziň ýaşyndan hem uly bolsa-da, ol ilkinji bilim ojagymyz hökmünde
hemişe mähriban görünýär. Ýöne çagalykda-da, talyplyk ýyllarymda-da döwrebap mekdepde mugallym bolup işlemegi arzuw edipdim. Bu gün arzuwlarymyň hasyl bolandygyna begenýärin. Çünki bäş ýyllap halypalarymyzdan öwrenenlerimizi, pedagogik başarnygymyzy ýaş nesle geçirmek höwesi bilen zähmet ýoluna gadam goýýarys. Şol höwesimiz bolsa täze mekdebimizde has-da gülledi — diýip, Jeren mugallym şatlygyny paýlaşýar.