Saýat etrabyndaky 23-nji orta mekdepde «Innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, başlangyç synplarda okuwçylaryň pikirleniş usullaryny ösdürmegiň usullary» atly usuly-amaly okuw geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary gatnaşdylar.
Okuwyň geçirilmegi üçin biziň mekdebiň saýlanylyp alynmagy ýöne ýerden däl. Mugallymlar uly tejribe toplan, sapaklarynda okatmagyň dürli usullaryndan ýerlikli peýdalanýan bilim işgärleri. Çärede çykyş edenleriň we göreldeli okuw sapaklaryny guranlaryň aglabasynyň şu mekdepdendigi hem munuň şeýledigine güwä geçýär. Merjen Babakulyýewanyň, Aýnabat Klyçnyýazowanyň, Orazgül Gurbangulyýewanyň, Aýbölek Ýazmämmedowanyň we okuwa gatnaşan etrabymyzdaky 22-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Gülzar
Ýagşymyradowanyň geçen göreldeli okuw sapaklary myhmanlarda uly täsirleri galdyrdy. Olar sapaklarda we sapakdan daşary geçirilýän çärelerde multimediýa serişdelerinden başarnykly peýdalanýandyklaryny, okatmagyň interaktiw usullaryny giňden ulanýandyklaryny äşgär etdiler.
Usuly-amaly okuwa gatnaşanlar okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen mekdebiň başlangyç synp mugallymlarynyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdylar. Olar okuw-terbiýeçilik işine toplumlaýyn çemeleşmegiň oňyn netijeleri berýändigini, geçirilen okuwyň peýdaly bolandygyny aýratyn bellediler.
Saýatdaky mekdepde usuly-amaly okuw geçirildi
31
Oct
