BILIM

Saýatdaky mekdepde gazdan howpsuz peýdalanmak bilen bagly duşuşyk geçirildi

Saýat etrabynyň 35-nji orta mekdebinde geçirilen çäre «Mawy ýangyjymyzy» tygşytly we howpsuz ulanalyň!» diýlip atlandyryldy. Oňa «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak weýol hereket howpsuzlyk bölüminiň hünärmeni hem gatnaşdy.
Çagalarda tebigy gazdan dogry peýdalanmak endiklerini terbiýelemek döwrüň talabydyr. Howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagynyň garaşylmadykhadysalaryň döremegine getirip biljekdigini unutmaly däl. Şonuň üçin degişli kadalary berjaý etmek üýtgewsiz talapdyr. Bular barada müdirligiň hünärmeni giňden durup geçdi. Hünärmen şeýle-de okuwçylarda ýüze çykan sowallara jogap berdi. Soňra mekdebiň müdiri Döwlet Durdyýew «Tebigy gazymyz — milli baýlygymyz» diýen mowzukda çykyş etdi. Ol okuwçylara
gazdan seresaply peýdalanmagy, şonda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi maslahat berdi.