Saýat etrabynyň «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynda düýeleriň 1729-sy idedilip, şolaryň 798-si ene düýelerdir. Üstümizdäki oba hojalyk ýylynyň ýazky möwsüminde maldarçylyk hojalygynda 359 köşek alnyp, belent sepgide ýetildi. Bu görkeziji geçen ýylkydan 39 köşegiň köp alnandygyndan habar berýär.
— Häzirki wagtda maldarçylyk hojalygymyzda mallaryň, şol sanda düýeleriň ýyly we dok gyşladylmagy üçin öňünden taýýarlyk işlerini görýäris. Gyş möwsümine niýetlenilip, 40 tonnadan gowrak arpa, 130 tonnadan gowrak bede, 40 tonnadan gowrak hem saman taýýarlanyldy. Ot-iým taýýarlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Hojalygymyz tarapyndan çopanlara ähli babatda giňden goldaw berilýär — diýip, welaýatyň maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Saýat etrabyndaky «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynyň zootehnigi Sylapgeldi Sabirow welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.
Saýatdaky maldarçylyk hojalygynda 1700-den gowrak düýe idedilýär
23
Oct
