YKDYSADYÝET

Saýatdaky kärhana elektrik geçirijileriň 37 görnüşini öndürýär

Önümçilik işlerini Saýat etrabynda alyp barýan «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýeti tarapyndan elektrik geçiriji simleriň we kabelleriň 37 görnüşi – şol sanda, alýuminiý hem-de polat metallaryndan bilelikde taýýarlanylýan, uzak aralyklara iberilýän 500 kilowolta çenli ýokary güýjenmeli elektrik geçiriji ulgamlaryna niýetlenen elektrik geçirijiler öndürilýär.

Şonuň bilen birlikde kärhanada desgalardyr binalara, ýaşaýyş jaýlaryna elektrik energiýasy geçirilende peýdalanylýan daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriň dürli ölçegdäki görnüşlerini öndürmeklik ýola goýlupdyr.

Bu ýerde iki elektrik geçirijisi bolan dürli ölçegdäki kabelleriň 4 görnüşi, şeýle hem 4 we 5 elektrik geçiriji hatary bolan dürli ölçegli kabelleriň 6 görnüşi öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: