YKDYSADYÝET

Saýatdaky hojalykda 5 müň tonna bugdaý hasylyna garaşylýar

Tejribeli daýhan Ilmyrat Garajaýewiň ýolbaşçylyk edýän S. A. Nyýazow adyndaky daýhan
birleşigi Saýat etrabynda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýar.
— Biz geçen ýylda etrapda ilkinji bolup mähriban Watanymyzyň bugdaý çäjine galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamamyzy berjaý etdik. Daýhan birleşigimiziň kärendeçileri 1170 gektar meýdanda eken bugdaýyndan 3266 tonnanyň ýerine 4266 tonna bugdaý hasylyny tabşyryp, meýilleşdirileninden has bol hasyl aldylar. Şu ýylda hem daýhanlarymyz 1360 gektar bugdaýdan meýilleşdirilen 3560 tonnanyň ýerine 5000 tonna hasyl almagy göz öňünde tutýarlar — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.
Tejribeli ýolbaşçynyň aýtmagyna görä, bugdaý ýetişdirmek işi bilen kärendeçileriň 303-si
meşgullanýar. Kärendeçiler toparlarynyň 3-sine bolsa ýaşlar ýolbaşçylyk edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: