YKDYSADYÝET

Saýatdaky daýhan birleşiginde oba hojalyk üstünlikleri gazanylýar

Saýat etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde geçen ýyl gowaça ekilen meýdanlaryň 570 gektaryndan 1946 tonna «ak altyn» ýygnaldy. Bu bolsa döwlet tabşyrygynyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini görkezýär.

Daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary bugdaý ekilen ýerleriň 900 gektarynda azyklyk ekiniň hem bol hasylyny ýetişdirdiler. Döwlete 2884 tonna bugdaý hasyly tabşyryldy. Şonuň 4 tonnasy meýilleşdirileninden köp boldy.

Hojalykda geçen ýylda bugdaýdan boşan ýerlerden netijeli peýdalanyldy. Şol ýerleriň 110 gektarynda ekilen şalydan 511 tonnanyň deregine 565 tonna hasyl ýygnaldy.

Daýhan birleşiginde şu günlerde gowaça ekişine taýýarlyk bilen birlikde bugdaýa ideg işleri-de gyzgalaňly dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: