Saýat etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 16-njy çagalar bakja-bagynda zähmet çekýän zenan terbiýeçiler körpeleri diňe okaýan-enekelikde däl, eýsem, olaryň ilkinji daşary ýurt dili mugallymlary hökmünde hem terbiýeleýärler. Bu ýerde rus dili tejribeli mugallymlar tarapyndan multimediýa tagtalary, kompýuterler we häzirki zaman görkezme esbaplary arkaly ýokary derejede öwredilýär. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä 7 topar hereket edýär, olaryň her birinde ussat terbiýeçiler Gülnara Durdyýewa, Gülnäz Niýazowa dagy yhlasly zähmetleri bilen aýratyn tapawutlanýarlar.
Çagalar bakja-bagynda körpeleriň ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen “Çeper höwesjeňler”, “Ýaş gülçüler” we “Rus dili” ýaly gurnaklar işjeň hereket edýär. Netijede bagyň körpeleri welaýat we etrap derejesindäki dürli bäsleşiklerde üstünlik gazanyp, baýraklara mynasyp bolýarlar. Aýlar Myradowanyň hem-de Oguljeren Agamyradowanyň baýrakly orunlary bu mekanyň terbiýeçileriniň yhlasly zähmetiniň miwesidir. Oňaýly şertler döredilen döwrebap bina, owadan gülzarlyk we iň başda hem çaga dünýäsine golaý zenanlaryň mähirli aladasy bu bagçany sebitdäki nusgalyk terbiýe ojaklarynyň birine öwürýär.
Saýatdaky çagalar bagynda rus dili çuňlaşdyrylyp öwredilýär
20
Nov
