Saýatdaky çagalar bagynda rus dili çuňlaşdyrylan görnüşde öwredilýär
Saýat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 16-njy «Bagtyýar nesil» çagalar bakja-bagynda
işgärleriň 38-si zähmet çekýär. Bu ýerde çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä 7 topar hereket edýär. Şeýle-de döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan aýdym-saz, lingafon, kompýuter, aşhana, geýim ýuwulýan we ütük edilýän, lukman otaglary we içki howuz bar. Toparlardaky ýokary hilli görkezme esbaplar we giň, ýagty zallardaky diwarlyklar, körpe suratkeşleriň döreden eserleri, dürli bäsleşiklerde üstünlik gazanan zehinli ýaşlaryň Hormat hatlarydyr diplomlary çagalar bagynyň çeperçilik taýdan hem ýokary derejede kämildigine şaýatlyk edýär.
Ene dili, rus dili, kompýuter, lingafon otaglary çagalary mekdebe taýýarlamagyň
häzirkizaman ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, çagalaryň daşary ýurt dillerini höwes
bilen öwrenýän ýerine öwrülipdir.
Körpelere rus dilini çuňlaşdyryp öwretmekde Gülnara Durdyýewa, Gülnäz Niýazowa
dagy zähmetini gaýgyrmaýarlar. Olar toparlarda rus dili sapagy multimediýa
tagtalaryny, kompýuterleri we dürli görkezme esbaplaryny ulanmak bilen ýokary
hilli geçirýärler.
Ýene bir guwandyryjy ýagdaý bu çagalar bagynyň dürli bäsleşiklerde öňe saýlanyp,
ýokary üstünliklere eýe bolmagydyr. Diňe soňky ýyllarda mekdebe taýýarlaýyş
toparynyň terbiýeçisi Gunça Rozdurdyýewa «Ýylyň terbiýeçisi — 2023», aýdym-saz
mugallymy Ogulsuraý Maşadowa «Iň gowy aýdym-saz mugallymy» bäsleşiginiň
2022-nji ýyldaky ýeňijisi boldular. Bagyň zehinli körpesi Muhammetnazar
Agamyradow 2022-nji ýylda «Bilgirje» atly bäsleşigiň, körpeje Orazgül
Döwranbaýewa bolsa 2022 — 2023-nji ýyllarda «Bir bar eken, bir ýok eken»
bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda öňe saýlandylar. Şeýle-de işine ökde terbiýeçileriň
we zehinli körpeleriň birnäçesi dürli bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeläp, Hormat
hatlarydyr gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglanyldylar.