JEMGYÝET

Saýatda ýylyň zenanlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden “Ýylyň zenany” bäsleşigi Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde uly şatlyk şowhun bilen geçirildi.
Bäsleşige etrabyň dürli ugurlarynda tutanýerli zähmet çekýän, ýylyň dowamynda uly üstünlikler gazanan, özleriniň şahsy we hünär häsiýetleri bilen adamlaryň çuňňur hormatyna mynasyp bolan, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanýan, saýlap alan hünärini özleşdirmekde belent sepgitlere ýeten, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge ýardam edýän zenanlaryň birnäçesi gatnaşdylar.
Zenanlar bäsleşigiň şertleri boýunça yzly-yzyna  çykyş etdiler. Bäsleşikde eminler toparynyň gelen netijeleri boýunça ýeňiji bolan zenanlara,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat Saýat etrap birleşmesiniň adyndan sowgatlar gowşuruldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: