Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Saýatda ýeralma ýetişdirilýär

Aug 26, 2021

Şu ýyl Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda 560 gektar meýdana güýzlük ýeralma ekdiler we ähli atyzlarda gowy gögeriş aldylar.

Şu günler kärendeçiler bu ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işlerini dowam etdirýärler. Bu işleri, esasan, etrabymyzyň «Gülüstan», «Azatlyk», «Bereket» daýhan birleşiklerinde netijeli alnyp barylýar. Olar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenip geçilýän ýylynda bol hasylynyň kemala geljekdigine we öz tabşyryklaryny doly ýerine ýetiriljekdigine ynanýarlar.

Häzirki döwürde gök we bakja önümleriniň beýleki görnüşlerini ýetişdirmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Adblock
detector