SPORT WE SYÝAHAT

Saýatda woleýbol ýaryşy geçirildi

Saýat etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda etrap bilim bölümi, ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Saýat etrap geňeşi we «Türkmenistan» bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan sportuň woleýbol görnüşi boýunça orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda ýaryş geçirildi.

Çekeleşikli geçen duşuşyklarda sporta höwesli ýaşlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar. Ýaryşda 50-nji orta mekdebiň topary ynamly ýeňiş gazandy. Ikinji we üçünji orunlara bolsa degişlilikde 6-njy hem-de 13-nji orta mekdepleriň toparlary mynasyp boldular.

Ýeňijilere çäräni guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: