Saýatda üme çäresi geçirildi
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Saýat şäherindäki “Balsaýat” toý mekanynda etrap häkimliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda el işlerini sünnäläp ýerine ýetirýän gelin-gyzlaryň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda üme çäresi geçirildi.
Bu çäre çeper el işlerini ýerine ýetirmekde kämilleşmek isleýän gelin-gyzlar üçin has peýdaly boldy. Olar gyzykly çäräniň dowamynda tejribeli zenanlardan el işleriniň gadymy we täze nusgalaryny öwrendiler.
Çäreniň dowamynda uly durmuş tejribesine eýe bolan ene-mamalar milli gymmatlyklaryň aýratynlyklary, olar baradaky gyzykly rowaýatlary aýdyp berdiler.