YKDYSADYÝET

Saýatda suwaryş we zeýkeş ulgamy kämilleşdiriler

2026-njy ýylda Saýat etrabynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Döwlet maksatnamasynda görkezilişi ýaly, hereket edýän suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we ekerançylyk ýerleriniň toplumlaýyn durkuny täzelemek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Saýat etrabynda amala aşyryljak bu işler ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almaga, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna hem-de oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder. Şeýlelikde, döwletimiziň oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen syýasaty Saýat etrabynda hem anyk netijelerini berer.