Saýat etrabyndaky 33-nji orta mekdepde «Parahatçylygyň ýoly — döwletliligiň we bagtyýarlygyň ýoly» atly maslahat geçirildi.
Etrap bilim bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim işgärleriniň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda çykyş edenler bu ajaýyp eseriň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, tutuş ynsanyýet üçin örän uly ähmiýete eýedigi, ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadygy, ýaş nesiller üçin bolsa, geljege barýan aýdyň ýolgörkeziji şamçyragdygy barada nygtap bellediler.
Saýatda parahat ýaşaýşa bagyşlanan maslahat geçirildi
26
Jan
