MEDENIÝET

Saýatda öňdebaryjy zenanlar sylaglanyldy

Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde guralan dabaraly çärä dürli pudaklarda göreldeli zähmet çekýän zenanlar çagyryldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan dabarada zenanlaryň jemgyýetimizde uly güýç bolup durýandygy, olaryň ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandyklary, çaga terbiýesinde, milli mirasymyzy gorap saklamakda we ýaýratmakda uly tagallalary edýändikleri barada guwanç bilen durlup geçildi.
Çäräniň dowamynda öz käriniň ussatlarynyň uly toparyna birleşme tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olaryň arasynda etrap medeniýet bölüminiň «Çapak» folklor toparynyň ýolbaşçysy Oguljan Ýazmyradowa, köp çagaly ene Maral Hemraýewa, 28-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Öräýewa we beýlekiler bar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: