Saýatda okuwçy gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi
Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdepde ýokary synp gyzlaryň arasynda «Gyzym bar — gyzylym bar» diýen at bilen bäsleşik geçirildi.
Okuwçy gyzlaryň arasynda türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny halypa-şägirtlik ýoly bilen has içgin wagyz etmegi maksat edinen bäsleşige halypa mugallymlar we okuwçy gyzlar hem gatnaşdylar. Mekdebiň halypa mugallymy Maral Hemraýewa okuwçy gyzlara sungat derejesine çenli ýeten el işleriniň bejerilişiniň inçe ýollary, olaryň gelip çykyşy barada giňişleýin gürrüň berdi. Mekdebiň gyzlar gurnagynyň ýolbaşçysy Aýjahan Döwletgeldiýewa bolsa türkmen tagamlarynyň taýýarlanylyş usullary, gyzlaryň özlerini alyp barmaklarynyň edebi dogrusynda maslahat berdi.