Saýat etrabynyň bilim ojaklarynda okuw ýylynyň ikinji ýarymyna guramaçylykly girişildi. Şeýke hem tamamlanýan her ýylyň jemi boýunça öňdebaryjy bilim işgärlerini sylaglamak asylly däbe öwrüldi.
2023-nji ýylda göreldeli zähmet çeken bilim işgärleriniň uly toparyna Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olaryň arasynda 48-nji orta mekdebiň müdiri Jora Öwezow, 6-njy çagalar bagynyň müdiri Ogulbaýram Kerkiýewa, 30-njy orta mekdebiň mugallymy Ogulnäzik Döwletgeldiýewa, 13-nji orta mekdebiň mugallymy Tahyr Hudaýnazarow we beýlekiler bar.