Saýatda germaniýaly lukman bilen duşuşyk geçirildi
Saýat etrabynda germaniýaly hünärmen, ginekolog, sitolog Ýoahima Simermana iş saparynda boldy. Ol etrap hassahanasynda geçirilen maslahatda sebitde ýaşaýan zenanlaryň skrining barlaglaryndan geçmeginiň netijeleri bilen tanyşdy. Şeýle-de ol özüniň baý tejribesini lukmanlar bilen paýlaşdy.
Hünärmeniň bellemegine görä, zenanlarda, köplenç, 29 ― 55 ýaş aralygynda ýatgy boýunjygynyň täze howply döremeleri we onuň öň ýanyndaky keseller gabat gelýär. Şol sebäpli her bir zenanyň wagtly-wagtynda lukmanlaryň barlagyndan geçip, olaryň maslahatlaryny almagy zerurdyr. Ol Türkmenistanda bu ugurda, esasan hem, zenanlara skrining barlaglarynyň ýokarda agzalan keselleri irki döwürde anyklamakda ähmiýetlidigi baradaky düşünjäni bermekde örän uly işleriň alnyp barlandygyny, bu ugurda Türkmenistanyň beýleki ýurtlara göreldedigini aýratyn belledi.